Wizalary almak. Gerekli resminamalaryň sanawy

Daşary ýurt raýatyna hususy (PR) wizasyny resmileşdirmek üçin: 

1) bellenen görnüşdäki arza,  3 nusgada:

   a) çagyrmak üçin,

   b) wizanyň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin,

   ç) wizanyň görnüşini üýtgetmek, serhet sebitine barmak we wizany köne pasportdan täze pasporta  geçirmek üçin talap edilýär;

2) ýüz tutýan raýatyň pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;

3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;

4) garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;

5) ýüz tutýan raýatyňTürkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamasynyň nusgasy (Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga ygtyýarnamaly ýaşaýanlar daşary ýurt raýatlary üçin).

       

Daşary ýurt raýatyna talyp (ST) wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 nusgada;

2) Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ýazmaça towakganamalary (ýüztutmalary);

3) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 nusgada;

4) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;

5) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 nusgada.

 

Daşary ýurt raýatyna syýahatçylyk (TU)wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 nusgada;

2) syýahatçylyk maksatnamasy;

3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;

4) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 nusgada;

5) ýüz tutýan tarapyň syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň nusgasy (çagyryjy tarap 1-nji gezek ýüz tutanda we ygtyýarnamanyň möhleti tamamlananda talap edilýär)     

 

 Daşary ýurt raýatyna üstaşyr (TR)wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) daşary ýurt raýatynyň şahsy arzasy (ýüztutmasy) ýa-da ýüz tutýan tarapyň ýazmaça  towakganamasy;

2) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;

3) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz,1 nusgada;

4) üçünji daşary ýurt döwletine girmäge ygtyýar berýän resminamasynyň nusgasy (wizasy we ş.m).

 

 Daşary ýurt raýatyna saglygy bejeriş (HL)wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) daşary ýurt raýatynyň şahsy arzasy (ýüztutmasy) ýa-da ýüz tutýan tarapyň ýazmaça towakganamasy;

2) Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen hem-de şol adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasy;

3) Daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;

4) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 nusgada.

 

Daşary ýurt raýatyna sürüjilik (DR)wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 nusgada;

2) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 nusgada;

3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň göçürme nusgasy;

4) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 nusgada.

 

Daşary ýurt raýatyna çykyş (EX) wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) bellenen görnüşdäki ýüz tutma, 2 nusgada;

2) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 2 nusgada;

3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy.

 

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda şu Sanawyň ýokarda agzalan bölümlerinde görkezilen resminamalardan we maglumatlardan başga goşmaça resminamalar talap edilip bilner.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüztutmagy boýunça şu Sanawyň ýokarda agzalan bölümlerinde görkezilen resminamalardan we maglumatlardan başga аdamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keselden (AIW ýokuşmasy), weneriki kesellerden, neşekeşlikden ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna zyýan ýetirýän keselleriň sanawyna girizilen başga keselden ejir çekmeýändigi barada kepilnamalar talap edilip bilner.