Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde Aşgabatda geçiriljek Aziada taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Mejlise gatnaşyjylar tarapyndan garalyp geçilen esasy mesele Aziýa oýunlarynyň nyşanlary, birinji nobatda bolsa oýunlaryň esasy keşbi Wepaly atly alabaý iti boldy. Şeýle hem Wepaly bäsleşikleriň geçiriljek sport görnüşleriniň 21-sinde hem şekillendirilipdir. Milli Liderimiziň teklibi boýunça bu şekiller köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň jemgyýetçiligiň tanyş bolmagy hem-de ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlener.

Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň bu gezekki mejlisiniň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Çykyş edenler diňe bir ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek meselelerine däl, eýsem, daşary ýurtly wekiliýetleri kabul etmek, ýerleşdirmek, naharlamak, medeni maksatnamasy we beýlekiler ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine aýratyn üns berdiler.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde Aziýa sebitinde, şeýle hem Awstraliýa we Okeaniýa ýurtlarynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça giň möçberli maglumat işleri ýaýbaňlandyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherinde “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly sport kongresini we sergini geçirmäge taýýarlyk meselelerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara sport federasiýalarynyň, köp ýurtlaryň sport ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň ugurlaryna seredildi.

Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna daşary ýurtly žurnalistleri çagyrmak boýunça meýilnama, oýunlara Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17-siniň hem gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda baglaşylan şertnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň wekilleriniň hem-de Milli sport federasiýalarynyň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Olimpiýa desgalaryny dolandyrmak, ulanmak we hyzmat etmek, meýletinçiler toparyny hem-de beýleki işgärleri taýýarlamak çäreleri işjeň alnyp barylýar.

Mejlisde oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary bilen baglanyşykly maglumatlar aýdyldy. Aziada-2017-niň keşbi bolan Wepaly alabaý itiniň şekili ara alnyp maslahatlaşyldy.