Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň forumy ýurdumyzyň işewürler-jemgyýetçiliginiň täze tekliplerini öňe ilerletmek üçin meýdança öwrüldi

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň we geljekki mümkinçilikleriniň çäklerinde TSTB-niň Işewürler merkezinde maslahat geçirildi. Esasy döwlet maksatnamalary, iri döwlet buýurmalaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek babatda hususy ulgamyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de ýurdumyzyň hususy işewürleriniň harytlarynyň daşary ýurtlara iberilmegi üçin artýan mümkinçilikler, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde zenanlaryň telekeçilik bilen meşgullanmaklaryny ösdürmegiň meseleleri we beýlekiler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bolan maslahata gatnaşyjy telekeçileriň üns merkezinde boldy.
Edilen çykyşlarda hem-de aýdylan habarlarda meseleleriň giň toplumyna, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň çäklerinde TSTB-niň işlerine degişli meselelere deglip geçildi.
TSTB-niň agzalary Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde öz üstünliklerini görkezdiler. Ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 140-dan gowragy gözden geçirilişde öz mümkinçiliklerini we tekliplerini görkezdiler. Olaryň köpüsi sergä ilkinji gezek gatnaşdy.
Serginiň uly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýokary hilli ýerli çig maldan önüm çykarmak üçin önümçilikde has öňdebaryjy tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň we giňden peýdalanmagyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän senagat hem-de oba hojalyk kärhanalarynyň döredilişine bagyşlanyldy.