Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz baýramy giňden bellenip geçiler. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu halkara baýramy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martdaky dynç gününi 20-nji martdaky duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekip, Milli bahar baýramynyň üç günüň dowamynda giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy.
Şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy düzüldi. Her ýylda 7-nji aprelde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýie-sport we medeni-sagaldyş çäreleri guralýar. Şu ýyl şanly sene mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” sport toplumynyň açylyş dabarasy we “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly maslahat we sergi geçiriler.
Milli Liderimiziň bellikleri nazara alnyp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taýýarlanylan nyşanlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna görkezildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşanlaryň ünsüni ýaşlaryň, aýratyn-da, mekdep ýaşlaryndan başlap, körpe nesilleriň kompýuter sowatlylygyny netijeli işjeňleşdirmegiň zerurdygy bilen baglanyşykly meselelere çekdi. Ýaşlaryň ösüşine görä, olaryň kompýutere erk etmek derejesi hem ýokarlanmalydyr. Munuň özi häzirki zamanda adam üçin zerur bolan başarnyklaryň iň möhümleridir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, programmalaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmekleri ugrunda zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirkizaman tehnologiýalary bilen işlemek başarnyklaryny ele almalydyklaryny belledi.