Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi

2017-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.
Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli derejede we ählumumy derejede hem ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýan uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ilatynyň ählisi diýen ýaly gatnaşýan bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramagyň, olaryň doly derejeli durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň Baştutanynyň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Olar halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Güneşli ülkämiziň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak üçin zerur bolan çärelere gatnaşmakdan hiç kim çetde galmady. Çünki türkmen halkynda bag ekmek asyrlarboýy sogap iş hasaplanyp gelipdir. Şu gün paýtagtymyzyň bu künjeginde 75 gektar meýdanda saýaly, pürli we bezeg agaçlarynyň, şeýle hem gyrymsy agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleriniň 30 müňüsi oturdyldy.
Täze nahallaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň daş-töweregine bezeg berdi. Asylly işiň gerimi aklyňy haýran edýär, çünki ozal ýalaňaç oturan dag eňňitlerinde we çölüň gum depelerinde bu gün gök öwüsýän tokaý zolaklary daş-töwerege bark urýar. Gerimi boýunça örän uly bolan bag ekmek maksatnamasyny amala aşyrmak – howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň umumydünýä işine önjeýli goşant bolup durýar, çünki gök zolaklar zäherleýji täsiri güýçlendirýän kömürturşy gazyny çekip alýar.
Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň wekilleri bilen söhbetdeşlikde olara ýurdumyzda guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki wakanyň hem sahylygyň, açyklygyň we myhmansöýerligiň baýramçylygyna öwrülip, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we doganlygyň gadymy ýörelgelerinde öz beýanyny tapandygyny aýtdy.