Hazarýaka ýurtlaryň wekilleri sebitiň serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň ugurlaryna garadylar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty tamamlandy. Ol ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy.
Ozal habar berlişi ýaly, on günlük okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri -- Daşary işler ministrliginiň, nebitgaz ulgamynyň, gidrometeorologiýanyň, balyk hojalygynyň, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, deňiz ulaglary ulgamlarynyň, serhet gullugynyň hem-de birnäçe beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Okuwlary BMG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynda-- ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynda (IOC UNESCO), BMG-nyň Ösüş maksatnamasynda, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň we Hazar ekologiýa maksatnamasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynda iş tejribesi bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri alyp bardylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy Halkara ummanlar instituty bilen 2012-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. IOI-niň okuw bölüminiň direktory, UNESKO-nyň IOC-niň geňeşçisi, geografiýa ylymlarynyň doktory Ýuriý Olýuniniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bäşinji gezek geçirilýän okuwyň maksatnamasynda ykdysadyýet, ekologiýa, halkara hukugy diýen üç esasy meseläni görkezip bolar.
Mundan başga-da, deňiz ekoulgamlary, howanyň üýtgemeginiň deňiz gurşawyna täsiri, deňziň bioköpdürliligi, adamyň hojalyk işleriniň daşky gurşawa täsir edişine, deňiz giňişliginiň meýilleşdirilişine baha bermegiň häzirki zaman usullary öwrenildi. Hazar deňziniň gurşawyny hem-de balyk gorlaryny goramak maksady bilen, nebit we gaz serişdeleri gözlenilende we ulanylanda, gämi gatnawlary düzgünleşdirilende peýdalanylýan halkara hukuk kadalaryna syn berildi.
Bu ýere ýygnananlar iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kenarýaka ýurtlaryň döwlet düzümleriniň wekilleriniň gatnaşyk etmekleriniň täze görnüşlerini döretmek maksatlary bilen, şeýle çäreleri geçirmek işini dowam etmek babatda bir pikirlerini aýtdylar.