Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Milli bahar baýramyna—Nowruz baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi

2017-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Milli bahar baýramyna—Nowruz baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi.
Nowruz baýramy parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň beýanydyr. Hut şoňa görä-de, ol adamzadyň möhüm ähmiýetli we gymmatly baýramlarynyň biri bolup durýar hem-de 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýär.

Nowruza bagyşlanan dabaralar umyt-arzuwlarymyzyň beýanyna öwrülip, gadymy nurana baýramçylygyň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýandygyna, milli mirasymyzyň häzirki nesiller bilen aýrylmaz baglanyşygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Nowruz baýramy tutuş adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Bu baýramyň belent gymmatlyklary bolan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri Birleşen Milletler Bileleşiginiň hem baş maksatlarynyň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, 2009-njy ýylda bu gadymy baýram ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklaryň Bütindünýä mirasy sanawyna girizildi.
Nowruz baýramy mynasybetli çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň aýdym-saz topary çykyş etdiler.
Baýramçylyk çäresiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň harby gullukçylar hakynda edýän irginsiz aladalaryna jogap edip, Watanymyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda jan aýaman zähmet çekip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine bir agyzdan kasam etdiler.