Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2017-njy ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasaty ýurduň Merkezi Aziýa sebitinde ähmiýetli orun eýelemegine hem-de halkara abraýynyň artmagyna ýardam etdi. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurtlaryň ikisi hem soňky ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde birek-birege yzygiderli goldaw berip gelýärler we diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda Germaniýanyň raýatlaryna wizalary resmileşdirmek bilen baglanyşykly ähmiýetli meselelere garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.