Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi

2017-nji ýylyň 15-16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwat hem-de mümkinçilikler bar.

Katar Döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň hem-de Kataryň Emiriniň geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berdi.

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydyr.