Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna Gullugyň garamagyndaky “Türkmenistan” Howa ulaglary kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 70 göterim, Gullugyň Aşgabat şäheriniň Halkara aeroportuna – esaslyk maýadaky paýy 27 göterim we Howa gatnawlarynyň Baş gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 3 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.