Durmuş ähmiýetli nobatdaky täze binanyň düýbi tutuldy

Paýtagtymyzda mümkinçiligi çäkli we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin mugt ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň şu ýylyň ýanwar aýynda badalga berlen maksatnamasynyň çäklerinde ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ähli zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün edilen köp öýli, oňaýly, 4 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bu möhüm durmuş taslamasynyň ýerine ýetirilmegi milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş ulgamyna gönükdirilen we türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de köpasyrlyk däplerine daýanýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ýörite işlenip taýýarlanylan taslamalar esasynda ilkinji ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabaralary Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde geçirildi.

Şu günki dabara paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary belent ruhly aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Döwrebap ýaşaýyş üçin ähli şertler göz öňünde tutulan täze 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýy Aşgabadyň 8-nji kiçi etrapçasynyň ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediler. Bu ýerde söwda bazarynyň, 420 orunlyk dikeldiş merkezi bolan okuw-terbiýeçilik toplumynyň, şeýle hem “Galkynyş” sport toplumynyň ýerleşmegi täze ýaşaýyş jaýynyň ýerleşjek ýeriniň tötänden saýlanyp alynmandygyny alamatlandyrýar. Bu künjekde seýilgäh zolaklary, şeýle hem durmuş düzümine degişli beýleki desgalar emele gelýär.

Taslama laýyklykda, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň öz öýlerine barmaklary üçin oňaýly hereket etmeklerini göz öňünde tutýan şertler döredildi. Öýler täze ýaşaýjylaryň zerurlyklaryna laýyklykda abadanlaşdyrylar. Ýaşaýyş jaýynyň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklar dörediler. Şeýle hem bu ýerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler dörediler.