Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliýetiniň baştutany jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony Türkmenistan we HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2017-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar halkara ynsanperwerlik hukugyny milli kanunçylyga ornaşdyrmak we ynsanperwerlik ulgamynda öňki duşuşyklaryň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerine uly üns berdiler.

Bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijeliligine garamak bilen, taraplar ynsanperwer ulgamynda oňyn netijeleriň gazanylandygyny bellediler.