Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanlary parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm ornuň berlendigini nygtadylar. Taraplaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmek ugrunda özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy ylalaşandyklary bellenildi. Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerinde ýurtlarymyzyň eýeleýän orny üýtgewsizdir: biz Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini üpjün edip bilýän mäkäm we netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Owgan meselelerine çemeleşmeleriň ýakyn gelýändigi bellenildi, türkmen we özbek taraplary Owganystandaky ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, giň umumymilli gepleşikleri geçirmegiň esasynda düzgünleşdirmek mümkindigi barada bir pikirdedir. Türkmenistan we Özbegistan Owganystanyň Hökümetine işjeň ýagdaýda halkara goldawynyň berilmegi, Owganystanyň sebitleýin we halkara ykdysady işlerine ýakynlaşmagyna ýardam bermek ugrunda çykyş edýär.