Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler.

Iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ähtnama, medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem sebitleriň arasynda - Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblastynyň hem-de Lebap welaýaty bilen Buhara oblastynyň arasynda Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklara gol çekildi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalygy ministrlikleri, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Özbegistanyň kärhanalary hem-de edaralary bilen Şertnamalary baglaşdylar.