Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, türkmen halkynyň ählihalk saýlawlarynda mizemez agzybirlik we jebislik, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalydygyny görkezip, döwlet ösüşiniň geljekki ýolunda möhüm ädim ädendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň adyndan saýlawlara taýýarlyk görmäge we onuň geçirilmegine işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlygy beýan etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ähli guramaçylyk çärelerini hem-de saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işleriniň barşyny içgin seljermek barada görkezme berdi. Eger-de saýlaw möwsüminde tehniki taýdan bökdençlikler emele gelen bolsa, ýakyn wagtda saýlawlary geçirmegiň düzgünlerini kadalaşdyrmak we olary halkara ölçeglerine laýyk getirmek bilen baglanyşykly teklipleri aýtmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ähli teklipleriň içgin öwreniljekdigini hem-de olar maksadalaýyk tapylan ýagdaýynda milli kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä garaljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp,  jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň iş kesilen raýatlarynyň 828-siniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy ähli deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ählihalk saýlawlarynyň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrandygyny hem-de türkmen halkynyň saýlap alan döwlet ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady.

 

Mejlisiň Başlygy halkymyzyň Arkadag Prezidenti bilen bitewüdigini äşgär eden saýlawlaryň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, raýatlaryň döwlet işini dolandyrmakdaky ornuy ýokarlandyrmagyň, demokratik hukuklarynyň we erkinliginiň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda ähli hökümet agzalarynyň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine, bellenilen giň möçberli meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ähli ukyplaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Mejlise gatnaşyjylara aýdan gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gysgaça çykyş etdi.Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli raýatlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, saýlawlara gatnaşan hem-de ses beren ähli adamlara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny aýtdy.