Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy geçýär

Aşgabatda Hazarýaka döwletlerleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Daşary işler ministrligi, Döwlet balyk hojalygy komiteti we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazar deňzinde biologiki serişdeleri bikanun almaga (brakonýerlige) garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak bilen bagly boldy. Türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanylan resminama 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirmelidir.

Bu Ylalaşyk 2014-nji ýylda güýje girip, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, ýaraglaryň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kontrabanda, adam söwdasyna we bikanun migrasiýa garşy göreşmek, deňiz gämiçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek we beýleki ulgamlarda taraplaryň degişli edaralarynyň özara gatnaşyklary üçin hukuk esasyny döredýär. Ol maglumatlaryň hem-de iş tejribesiniň alşylmagyny, duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we beýleki çäreleriň geçirilmegini hem-de pudagara häsiýetli degişli teswirnamalaryň baglaşylmagyny göz öňünde tutýar.

Hususan-da, häzirki wagtda Hazarýaka ýurtlarynyň bilermenleriniň garamagynda türkmen tarapyndan taýýarlanylan Teswirnamalaryň ikisi bar. Olaryň birinjisi – Hazar deňzinde ýüzüşleriň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama deňiz gämilerinde heläkçilikleriň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň agzalarynyň we ýolagçylaryň ömrüni we saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň hem-de olarda daşalýan ýükleriň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Ikinji resminama – Hazar deňzinde biologiki serişdeleri bikanun almaga (brakonýerçilige) garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama gepleşikleriň şu tapgyrynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň her biri tebigaty goramak ulgamynyň wajyp meseleleriniň birini çözmäge gönükdirilen tekliplerini beýan etdi. Şunda deňiz balyk serişdelerini aýawly saklamak we köpeltmek, deňziň awkatoriýasynda balykçylyk işini kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, deňizdäki işe diňe jogapkärçilikli we ylmy taýdan çemeleşmäniň uzakmöhletli geljek üçin balykçylygyň üstünlikli ösdürilmegini üpjün etjekdigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri kabul etmegiň wajypdygyny aýtdylar. Ösümlik we tebigat dünýäsine baý bolan deňziň biologiki serişdeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şu mejlise gatnaşyjylar häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini, şol sanda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, Hazaryň biologiki köpdürlüligini aýawly saklamak ulgamyndaky wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň hem-de dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine oňyn netijäni berjekdigini nygtadylar.