Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ilýas Umahanowy hem-de Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak baradaky komitetiniň başlygy Wadim Týulpanowy kabul etdi.

I.Umahanow türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geçen ýekşenbede üstünlikli geçirilen saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen gutlady hem-de Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, ses bermegiň jemlerinde öz beýanyny tapan türkmen halkynyň erk-islegi döwlet Baştutanymyzyň abraýynyň belentdigini hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigini belledi. Russiýa hemişe strategiki hyzmatdaşlaryň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Türkmenistany hem-de Russiýany köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri we deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň halkara giňişliginde gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata ygrarly bolmak bilen, häzirki wagtda ählumumy ösüşiň möhüm meseleleriniň köpüsini çözmekde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara düşünişmek, uly syýasy ynam hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigi ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, sebit we iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip, iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.