Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Owgan Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Mohammad Aşraf Ganä minnetdarlyk bildirdi, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Soňra söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri mundan beýläkki döwletara hyzmatdaşlygyna çemeleşmeleri anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetikany we beýleki birnäçe pudaklary özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek ýaly möhüm meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki goňşy döwletiň Baştutanlary ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystan Yslam Respublikasynyň tutuş adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň has oňaýly çözgüdini tapmagyň bähbidine umumy tagallalary jemlemäge gönükdirilen Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanlary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň oňat däplerine, taraplaryň özara hoşniýetli erkine daýanyp, ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani türkmen hem-de owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.