Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny resmi sapar bilen Ukraina gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.

Ukrainanyň Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy hem-de ýurduň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize türkmen halkynyň bähbidine bellenilen ähli maksatlara ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen-ukrain gatnaşyklaryna ýokary bermek bilen, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklary we özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini nazara almak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplaryň geljekde hem dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklamak bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pýotr Poroşenko döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge çemeleşmelerini ylalaşdylar. Iki ýurduň Prezidentleri halkara giňişliginde türkmen-ukrain gatnaşyklary bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, halkara syýasatynyň käbir meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyny bellediler. Şunda Prezident Pýotr Poroşenkonyň nygtaýşy ýaly, Ukraina Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde esasy orny eýeleýän döwlet, geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar hem-de gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giňeltmek ugrunda çykyş edýär diýip belledi.

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine özara ynam bildirmek bilen söhbetdeşler ynsanperwer ugurda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklary has-da giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Pýotr Poroşenko milli Liderimizi özi üçin islendik amatly wagtda Ukraina resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pýotr Poroşenko söhbetdeşligiň ahyrynda iki halky gadymy döwürlerden bäri baglanyşdyrýan doganlygyň we hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň bähbitlerine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen we ukrain halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.