Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon gepleşigi geçirildi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize jogapkärli döwlet wezipesinde türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Gazagystanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Telefon gepleşiginiň barşynda goňşy döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ala alyp maslahatlaşdylar. Şunda olar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljegi uly meýilnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer ugruň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Şeýle hem telefon gepleşiginiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň ahyrynda birek-birege jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.