Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.

Prezident Wladimir Putin türkmen kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, ýurduň we halkyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň esasy ugurlaryny anykladylar. Bu ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi aýratyn bähbitli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki birnäçe ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, onuň esasy senagat, ylym-bilim we medeni merkezleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şunda söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasyny düzýän we aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Bitarap Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň geljekde hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny bellediler.

Şeýle hem Prezident Wladimir Putin türkmen diplomatiýasynyň eýe bolan üstünligini belledi, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy, Russiýa bu resminamanyň awtordaşlarynyň biri hökmünde çykyş etdi.

Telefon gepleşiginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin strategik hyzmatdaşlyk we uzakmöhletlilik ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.