Saýlaw uçastoklarynyň ýapylan pursatyna çenli saýlawçylaryň 97,27 göterimi ses berdi

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda ir sagat 7-de ýurduň ähli ýerinde birbada saýlaw uçastoklary açyldy – ýurduň Prezidentiniň saýlawlary badalga aldy.

Bu gezekki saýlawlar saýlawçylaryň köpsanlysynyň gatnaşýandygy bilen tapawutlanýar. Sagat 19-a çenli, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylan pursatyna çenli saýlawçylaryň 97,27 göterimi ses berdi.

Sesleriň sanalmagynyň netijesi Türkmenistanyň häzirki döwlet Baştutanynyň hem dalaşgär bolmagynda dokuz dalaşgäriň hataryndan kimiň Türkmenistanyň Prezidenti bolmalydygyny kesgitlär. Saýlawlara milli we halkara synçylary gözegçilik edýärler.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri we saýlawlaryň barşyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan pursatyndan başlap 10-njy fewrala çenli dowam etdi. Hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, olaryň hemmesine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.