Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak—biziň umumy maksadymyz

Türkmenistanyň Prezidentinň saýlawlarda ses berip, häzirki döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň we tutuş türkmen halkynyň durmuşynda şanly wakanyň bolandygyny belledi.

Ýakynda Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi. Onda dünýewi döwletiň raýatlyk jemgyýetiň demokratik ösüşi üçin möhüm bolan esasy düzgünler, halkara hukugynyň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy diýip, Prezident sözüni dowam etdi.

Täze Konstitusiýa laýyklykda Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 7 ýyla çenli uzaldy. Täze Konstitusiýanyň kadalaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzyň we halkymyzyň ykbaly kesgitlendi, her bir raýatyň hukugy we azatlyklary kepillendirildi.

Beýleki dalaşgärlere üstünlik arzuw edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli dalaşgärleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak ýaly bir maksada eýerýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň BMG tarapyndan ykrar edilen we onuň Kararnamasy arkaly berkidilen hemişleik bitaraplyk derejesine daýanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ýakynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bilen hemmeleri gutlady. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň we onuň her bir agzasynyň ruhy kämilligini, syýasy işjeňligini belläp, olaryň Konstitusiýada kepillendirilen hukugyna laýyklykda, Garaşsyz, bitarap, demokratik we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilýändigini aýtdy.