Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-niň baş meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdy

2017-nji ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda hem-de täsin toplumyň beýleki desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Olimpiýa şäherjiginde esasy desgalaryň gurluşygy tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, Olimpiýa stadionyna bardy we onuň ikinji gatyna galyp, eýwandan 45 müň orunlyk münberli sport desgasyny synlady. Desgany synlamagyň barşynda hormatly Prezidentimiz oýunlaryň resmi nyşany hökmünde bu köpugurly stadionyň çeperçilik bezegine öwrülen bedewiň şekiline aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aziadanyň nyşanlary milli özboluşlylygy, ýurdumyzyň medeni-taryhy aýratynlyklaryny, tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny beýan etmelidir. Taryhyň dowamynda alajanyň türkmenleriň durmuşy bilen berk baglanyşykly bolandygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse, maksadalaýyk bolar, atyň kellesi şekillendirilen kompozisiýanyň bezegine ýüzärlik hem girizilse, ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olimpiýa alawy üçin niýetlenen çanagyň bu otuň baldaklary bilen bezelmegini teklip etdi. Şol baldaklar bolsa öwşün atýan täji emele getirmelidir.

Uly we möhüm işe başlamazdan öň, ýüzärlik ýakmak däbine eýerilip, olimpiýa çanagynyň alawy ýakylmazdan öň, ondan ak tüsse goýberilse, çuňňur many-mazmuna eýe bolar. Şu halatda ak tüsse biziň isleg-arzuwlarymyzyň päkligini, dostlugy hem-de özara gatnaşyklara ymtylmalarymyzy, ruhubelentligimizi alamatlandyrar.

Şeýle hem dürli dillerde dürli ýol görkezijileri, maglumat kitapçalaryny hem-de türkmen halkynyň medeni däp-dessurlary, onuň mirasy, Aziada-2017-niň nyşanlarynda beýan edilen çeper döredijiligiň aýratynlyklary, Olimpiýa şäherjiginiň we tutuş türkmen paýtagtynyň binagärlik bezegi barada gyzykly maglumatlar jemlenen kitapçalary taýýarlamak hem-de çap etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz açylyş we ýapylyş dabaralaryny dünýäniň iň gowy tejribesine daýanyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, şeýle hem dabaralary guramagyň milli aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.