Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda BMG-nyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Türkiýäniň gurluşyk materiallar senagatyna bagyşlanan sergi dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy
Halkara okuw maslahaty geçirildi
Litwa Respublikasynyň premýer-ministriniň resmi iş sapary başlandy
Aşgabat şäheriniň Abadan etrap we Ruhabat etrap häkimlikleri döredildi
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrap häkimliginiň ady üýtgedildi
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň üstünlikleri
Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň pasportynyň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty resmileşdirilip başlanýar
„Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi geçirilýär
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy Türkmenistana geçirilýär
Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmenistan-Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk.
Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMCA) Мaksatnamasynyň çäklerinde harby gullukçylaryň arasynda sport boýunça ýaryşlar geçiriler.
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa” woleýbol toparynyň üstünlikleri
Türkmenistanda sebitlerde energiýa serişdelerini geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.
Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 6133 belgili karary esasynda Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. Gulluga Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak, olaryň ýurduň çäginde bolýan salgylary boýunça hasabatyny ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek-gitmek üçin wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama, ýurduň çäginde işlemäge rugsatnama resmileşdirmek ýaly wezipeler ýüklendi.
Gulluk 2004-nji ýyldan başlap türkmen raýatlarynyň ýurduň Döwlet serhedinden giriş-çykyşyny hasaba almak, 2005-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak boýunça resminamalary kabul etmek we olary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurda hemişelik ýaşamaga göçüp gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirmek bilen bagly işleri hem ýerine ýetirmäge başlady.
2008-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň ady Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi. 2008-nji ýylyň iýulyndan başlap, Gulluga ýene bir täze wezipe: Türkmenistanyň raýatlaryna biometrik maglumatly pasport resmileşdirmek wezipesi ýüklenildi.





